Maglumat
Hukuk kömegini berýän akwokat:
Maglumat
Akwokatlyk işi ynan beriji ýa-da onuň wekili bilen akwokat arasynda baglaşylýan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk häsiýetli bolup, ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.
Şertnamada aşakdakylaryň görkezilmegi hökmanydyr:
Akwokat öz üstüne alan borçnamalaryny üçünji bir tarapa tabşyrmaga hukugy ýokdur. Akwokatlaryň berýän hukuk kömegi üçin töleg şertnama esasynda amala aşyrylýar, şu maddenin bäşinji, ýedinji we sekizinji böleklerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.
Akwokat tarapyndan hukuk kömeginiň berilmegi boýunça şertnama bolmadyk ýagdaýynda, bu kömek üçin töleg Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşykda tassyklanan görkezmä laýyklykda hukuk kömeginiň tölenilmegi baradaky görkezmä esaslanyp, hukuk kömegini berýän edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenýär.
Derňew, prokurorlyk, kazyýet ýa-da degişli döwlet edarasy tarapyndan jenaýat işlerinde akwokat bellenen ýagdaýynda ýa-da akwokat tarapyndan berilýän hukuk kömegi döwletiň hasabyna amala aşyrylanda, bu kömek üçin töleg Möçberi we tertibi degişli görkezmä laýyklykda kesgitlenýär. Akwokatlaryň birleşiginiň hasabyna amala aşyrylanda hem şol görkezmä laýyklykda tölegler kesgitlenýär.
Maglumat
Fiziki şahslaryň haýyşy boýunça aşakdaky ýagdaýlarda hukuk kömegi mugt berilýär:
Fiziki şahslaryň mugt hukuk kömegini almak tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
Akwokatlaryň ýolbaşçy guramasy ýa-da onuň ýolbaşçysy, şeýle hem derňew, prokuratura, kazyýet ýa-da kazy bu şahslaryň maddy ýagdaýyny nazara alyp, olary tölegden doly ýa-da bölekleýin boşatmaga hukugy bardyr.
Eger-de fiziki şahs hukuk kömeginiň töleginden akwokatlaryň ýolbaşçy guramasy ýa-da onuň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, akwokatyň zähmet haky Akwokatlar birleşiginiň serişdelerinden tölenýär.
Eger-de derňew, prokuror, kazy ýa-da kazyýet tarapyndan tölegden boşadylanda, akwokatyň zähmet haky döwletiň serişdelerinden bellenilen tertipde tölenýär.