Aşgabat

+993 12 360 705

adwokat.mkm@gmail.com

GIRIŞ

Adwokatura we hukuk işi:

Hukuk işi — bu adwokat tarapyndan kanuna laýyklykda şahslaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin, jemgyýetde kanunyň berjaý edilmegine kömek bermek maksady bilen ýerine ýetirilýän hünär taýdan hukuk kömegidir. Biz hukuk kömegini berýärkäk, şu ýörelgelere eýermäge çalyşýarys.

Hukuk kömegini berýän mahaly adwokat:

  • Agyz we ýazmaça görnüşde hukuk maslahaty berýär we düşündiriş berýär;
  • Arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we beýleki hukuk resminamalaryny düzýär;
  • Raýat we arbitraž işlerinde ynanyjynyň wekili bolup çykyş edýär;
  • Jenaýat we administratiw hukuk bozmalarda döwlet edaralarynda, derňew we kazyýet edaralarynda goranmak ýa-da wekilçilik edýär;
  • Daşary ýurt raýatlary, guramalary bilen gatnaşyklarda kömek berýär;
  • Hemme eýeçilik görnüşindäki hukuk şahslaryna, daşary ýurt fiziki we hukuk şahslaryna hukuk kömegi berýär;
  • Daşary ýurtlaryň kazyýetlerinde, arbitražlarynda, döwlet edaralarynda we halkara şertnamalara garşy bolmadyk ýagdaýynda wekilçilik edýär;
  • Döwlet we ýerli dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda we şahslar bilen gatnaşyklarda wekiliýet edýär;