Adwokatura raýat jemgyýetiniň hukuk instituty bolup durýan we döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýän, adwokatlaryň adwokatlyk işini amala aşyrmak maksady bilen döredilen we öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän professional birleşigidir.
Doly OkamakAdwokatlyk işi adam hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetde kanunylygyň berjaý edilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen adwokatyň kanunda bellenilen tertipde berýän professional ýuridik kömegi bolup durýar.
Giňişleýin1) Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda Kanundan hem-de adwokatlyk işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2) Fiziki we ýuridik şahslaryň işleri boýunça adwokat tarapyndan goraglyk ýa-da wekilçilik edilende, adwokatlaryň iş ýörediş hukuklary we borçlary Türkmenistanyň degişli kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
Döwlet hemmelere zerur bolan professional ýuridik kömegiň berilmegini kepillendirýär.
Döwlet Türkmenistanyň çäklerinde ähli fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi, onuň häsiýeti hakyndaky maglumatlary we ony almagyň tertibine bolan deň hukuklary kepillendirýär.
Döwlet Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda aýry-aýry fiziki şahslara tölegsiz ýuridik kömegi bermegi we goramagy kepillendirýär.