Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:
Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda ýönekeý ýazmaça görnüşde baglaşylýar.
Şertnamada şular görkezilmelidir:
Adwokat öz üstüne alan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üçünji bir adama berip bilmez.
Adwokatlar tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin, şu maddanyň 5-nji böleginde görkezilenden beýleki ýagdaýlarda, töleg ylalaşyk esasynda tölenilýär.
Ýuridik maslahathananyň adwokatlary tarapyndan berilýän ýuridik kömek üçin ylalaşyk bolmadyk ýagdaýynda ýuridik kömek üçin töleg Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan gözükdirme esasynda ýuridik maslahathananyň müdiri tarapyndan bellenilýär.
Ýuridik maslahathanada, adwokatlaryň beýleki birleşiklerinde işleýän, şeýle-de adwokatlyk işi bilen özbaşdak meşgullanýan welaýat, welaýat hukukly şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň adwokatlyk işi üçin tölenilýän tölegler degişlilikde ýuridik maslahathananyň, adwokatlaryň beýleki birleşiginiň pulhanasyna ýa-da bankdaky hasabyna geçirilýär.
Adwokatyň Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslarda jenaýat kazyýet önümçiliginde anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, kazy ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen ýagdaýlarynda ýa-da beýleki ýagdaýlarda adwokatyň işi üçin töleg döwletiň hasabyna tölenilmeli edilen bolsa, onda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenilýär.
Adwokatyň işi üçin töleg adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna tölenilen ýagdaýynda şol tölegiň möçberi we tölemegiň tertibi şol birleşigiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
1.1. hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;
1.2. Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplara, pensionerlere, "Ene mähri" diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;
1.3. pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;
1.4. adam söwdasynyň pidasy statusy berlende;
1.5. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden adwokatlaryň ýolbaşçy edarasy ýa-da şol edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan boşadylanda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi adwokatlar birleşiginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Fiziki şahsy ýuridik kömek üçin tölenilýän tölegden anyklaýyş, deslapky derňew edarasy, prokuror, kazy ýa-da kazyýet boşadanynda, adwokatyň zähmet hakynyň tölegi bellenilen tertipde döwletiň hasabyna tölenilmäge degişli edilýär.